MAGTYMGULY KÖŇÜLLERIŇ ŞAHYRY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy dünýä alymlary, edebiýatçylary tarapyndan çuňňur öwrenilýär. Şahyryň ömri, durmuşy, onuň ýaşan döwri, döredijiligi hakynda ençeme ylmy işler ýazyldy, kitaplar çap edildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun alan beýik şahsyýetdir. Dana şahyryň watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri tutuş adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynda ynsan kalbynyň şahyry hökmünde tanalýar. Çünki akyldaryň goşgulary paýhas mekdebidir, nesihat ojagydyr. Şahyryň millilige, ynsanperwerlige ýugrulan çeper döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, jemgyýetde kämil şahsyýetleri kemala getirmekde aýratyn gymmata eýedir. Akyldar şahyryň edepliligi, agzybirligi, halallygy wagyz edýän goşgulary ynsan ruhuny baýlaşdyrýar.

      Ýaşlary ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleri, däp-dessurlary esasynda milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik duýgularyny, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsançlaryny has-da ösdürmek, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmak hem-de döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen dürli mazmunly çäreleri, bäsleşikleri yzygiderli geçirýäris. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen şanly ýylymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap Geňeşiniň etrap Bilim bölümi bilen bilelikde Dänew etrabynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýokary synp okuwçylaryň arasynda yglan edilen şygyr bäsleşigi hem ýaşlaryň ukyplaryny ýüze çykarmaga uly mümkinçilik açdy. «Magtymguly köňülleriň şahyry» atly bu döredijilik bäsleşigine mekdep okuwçylary özleriniň döreden goşgulary bilen çykyş edip, zehinlerini subut etdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Dänew etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýna Ahmedowa I, 14-nji orta mekdebiň okuwçysy Gözel Ýaňybaýewa we 40-njy orta mekdebiň okuwçysy Gülşen Baýramowa II, 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Rejep Rejepow we 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Hurmagül Wepaýewa III baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýaşlar dana şahyrymyzyň şygyrlaryny ýatdan aýtmak boýunça hem bäsleşdiler. Ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary  we hormat hatlary gowşuryldy.

 

Maýa BEŞIMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 67 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 29 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 36 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR