ÖŇDEBARYJY ÝAŞLAR BILEN SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň toýlanýan şanly ýylymyzda bagtyýar halkymyz şöhratly taryha uzaýan ykbalyny, dünýä ýüzüne ykraryny Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kämil ýörelgesinde görýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýetimizi we sungatymyzy gülledip ösdürmekde, türkmeniň aýdym-saz sungatyny, milli mirasymyzy dünýä ýüzüne tanatmakda hem ägirt uly işler alnyp barylýar.

      Ýaňy-ýakynda goňşy döwletimiz bolan Özbegistanyň Şahrisabz şäheriniň 2024-nji ýyl üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň syýahatçylyk paýtagty hökmünde saýlanmagy mynasybetli halkara derejesinde forum geçirildi. Şol geçirilen foruma birnäçe döwletler özleriniň milli saz gurallary bilen gatnaşyp, däp-dessurlaryny, gadymdan gelýän aýdym-saz sungatynyň kämil ýollaryny görkezdiler. Bu halkara derejesinde geçirilen foruma Lebap welaýatynyň Saýat şäher medeniýet öýüniň müdiri, TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň işjeň agzasy Kerim Annakulyýewiň hem gatnaşmagy biz üçin diýseň buýsandyryjy ýagdaý boldy. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň işgärleri bolup Kerim Annakulyýew bilen söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdik. Bu duşuşykda Kerim forumyň özünde galdyran ýakymly täsirini uly buýsanç bilen gürrüň berdi. Ol hem bu halkara çärede türkmeniň milli senedi bolan dutar saz guralynda türkmen halk aýdymlarynyň birnäçesini ýerine ýetirip, foruma gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Biz ýaşlara işlemäge, döretmäge öz ukyp-başarnygymyzy görkezmäge şeýle-de dünýä döwletleriniň arasynda çykyş edip zehinimizi görkezmäge, halkymyzyň milli medeniýetini dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Ýurdumyzy dost-doganlyk mekanyna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ogulnäz NEPESOWA,

TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA