GÖZEL TEBIGATYMYZY GORAMAK – MUKADDES BORJUMYZ

     Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen tebigaty täze keşbe girýär. Biziň esasy wezipämiz eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremekden hem-de türkmen topragynyň ösümlikler dünýäsini, tebigatyň tebigy arassalygyny gorap saklamakdan ybaratdyr.

     Ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyny, daşky gurşawymyzy goramak hemmämiziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Şol gözel tebigatymyzy, ondaky hemme janly-jandarlary, derýa-deňizleri, çeşme-çaýlary, dag-düzlükleri, ýabany we adam eli bilen döredilen tokaýlyklary, bag-bossanlyklary, umuman aýdanyňda, tebigatda bar bolan ähli baýlyklary geljekki nesillerimize arassa ýagdaýynda miras galdyrmak maksadalaýyk bolup durýar.

     Sähralardaky, daglardaky ajaýyp ýerlerde dynç alanyňyzda, ol ýerlerde tebigy ýagdaýda ösüp oturan ýüzärlikleri, itburunlaryň güllerini, yşgynlary, buýanlary ýa-da çopantelpekleri goparmaly däldiris. Çünki ertirki gün ol tebigy baýlyklardan taýýarlanan dermanlar biziň özümiziň ýa-da ýakynlarymyzyň saglygy üçin zerur bolup biler. Munuň özi, türkmen tebigatynda bitýän her bir ösümligiň ynsan saglygy üçin örän peýdalydygyny aňladýar.

     Bizi eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn !

 

Laçinbek ALLABERGENOW,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň

Daşoguz welaýat bölüminiň başlygy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Öňki makala

ATA KESBINIŇ DOWAMÇYSY

Indiki makala

PARASATLY PÄHIMLER

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY