BAGTYÝAR KÖRPELERIŇ ARASYNDA

     Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem bagtyýar ýaşlar tomusky dynç alşyny netijeli geçirýärler. Biz hem olary döredijilige höweslendirmek maksady bilen dürli mazmunly çäreleri geçirýäris. Golaýda geçiren surat bäsleşigimiz hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini täsirli we guramaçylykly geçirmäge bagyşlandy. Ýaşlar özleriniň çeken suratlarynda Güneşli ýurdumyzyň gözel ýerlerini, bagtyýar çagalygy, sapaly tomsy wasp etdiler. Şeýle hem bu çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde sportuň küşt, şaşka görnüşleri boýunça bäsleşikler hem geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bagtyýar körpe nesiller özleri üçin şeýle giň gerimli aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

 

Jemal BAZAROWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 17 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 43 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 17 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI