ÝAŞLYGYŇ ŞÄHERINDE ÝAŞLARYŇ BUÝSANÇLY SÖHBETLERI

     Düýn Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi. Gepleşigiň bu gezekki sanyna Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bölüm müdiri Mekan Ataýew myhman hökmünde gatnaşdy.

     Gepleşigiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bina edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berlenine bir ýylyň dolmagy mynasybetli şäheriň çäginde hereket edýän edara-kärhanalarda, bilim, medeniýet ojaklarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň buýsançly söhbetleri, şäheriň mümkinçilikleri baradaky pikir-garaýyşlary beýan edildi. Olarda bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri – döwrebap mümkinçilikleriň döredilen şäheri. Açylanyna ýaňy bir ýyl geçen hem bolsa, häzirki wagtda şäherde bina edilen edara-kärhanalarda, ylym-bilim ojaklarynda zähmet gaýnap joşýar. Nesilleriň döwrebap derejede bilim-terbiýe almagy üçin dünýäniň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan çagalar baglary, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri öňdebaryjy bilim işgärleri bilen üpjün edildi.

     Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri, sportuň dürli ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin şäheriň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi döredildi, Köpugurly sport toplumy, merkezi we 10 müň orunlyk stadion gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi.

     Ilatyň saglygyny berkitmek, öňüni alyş çärelerini amala aşyrmak babatda hem saglygy goraýyş edaralary, aýratyn-da Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi saglygy goraýşyň kämil hyzmatlaryny halkymyza hödürleýär.

Täze şäherde Döwletmämmet Azady adyndaky şäher kitaphanasynyň, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň binalary hem-de medeni we taryhy seýilgähler ýerli ýaşaýjylaryň we şäheriň myhmanlarynyň medeniýetli dynç alşyny üpjün edýär.

     «Akylly jaý» tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlaryna we 2 gatly kottejlere göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalarda agzybirlik, bagtyýarlyk höküm sürýär. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

     Häzirki zamanyň ösen we amatly şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheriniň halkara ülňülerine laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzümi şäheriň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirýär. Döwlet ähmiýetli şäheriň giň şaýollary, köçeleri we halkalaýyn çatryklary häzirkizaman yşyklandyryş, wideogözegçilik we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilen. Bu künjekde amatly howa gurşawynyň saklanmagyny gazanmak maksady bilen şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik ulaglarynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleri hereket edýärler we şäheriň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin ýokary hilli we medeniýetli hyzmaty üpjün edýärler.

     Mahlasy, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň mukaddes Watana, il-halka bolan beýik söýgüsinden, jöwher paýhasyndan hasyl bolan Arkadag şäheri ähli arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrülýär. Ýaşlaryň, ýaşlygyň şäheri bolan ýaş şäherde ýaşamak, döretmek we munda halal zähmetiň bilen Watanyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak bolsa uly bagtdyr. Muňa buýsançly çykyşlaryň her birinde aýdyň göz ýetirildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY