Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gözel Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde gyzykly çäreler geçirilýär. Ol ýerde ýakynda guralan köpçülikleýin sport çäresi we döredijilik bäsleşigi ýaş nesliň dynç alyş günleriniň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sport-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuşy berkarar etmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alnyp, ýaşlary sporta çekmek, sportuň dürli görnüşleri boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşa höwes bilen gatnaşan çagalar sportuň ýeňil atletika we şaşka görnüşlerinde ukyp-başarnygyny görkezdiler. Gyzykly geçen ýaryşyň dowamynda sportuň agzalan görnüşleri boýunça ýeňijiler kesgitlendi.
Surat çekmek boýunça geçen ýaryş hem uly gyzyklanma döretdi. Ýaşajyk suratkeşler dag jülgesiniň gözelliklerini, täsirli pursatlary çeken suratlarynda giňden şöhlelendirdiler. Surat eserleriniň iň gowulary saýlanyp, ýeňijiler mälim edildi. Şol günki bäsleşiklerde tapawutlanan çagalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan höweslendirildi.
Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Gökdepe etrap
Geňeşiniň bölüm müdiri.