Bäherden etrabynyň sport mekdebinde etrap Ýaşlar guramasynyň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda woleýbol boýunça sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde ýaş nesliň wagtlaryny peýdaly geçirmegini, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşa 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýaşlar gatnaşyp, sport ussatlygyny görkezdiler.
Çekeleşikli geçen ýaryşda “Galkynyş” topary birinji, “Berkarar” topary ikinji, “Arkaç” topary üçünji orny eýeläp, Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldy.
Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni.