SPORT SAGLYGYŇ GIREWIDIR

     Şeýle at bilen Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň bilelikde meýilnamasy esasynda sportuň türkmen milli oýunlarynyň görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi.

     Merkezde wagtyny şadyýanlykda geçirýän bagtyýar çagalaryň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşyň esasy maksady ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakdan, türkmen milli oýunlaryna bolan höwesini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Tebigatyň bu täsin we gözel künjegindäki giň şertlerdir mümkinçilikler çagalara tanap çekmek, ýaglyga towusmak ýaly türkmen milli oýunlary boýunça ukyp-başarnygyny görkezmäge ajaýyp amatlyklary üpjün etdi. Şoňa görä-de, ýaryşa gatnaşyjylar uly ruhubelentlikde bäsleşip, erjelligini görkezdiler, milli oýunlarymyza bolan söýgüsini aýan etdiler.

     Uly gyzyklanma eýe bolan ýaryşyň netijesinde tanap çekmekde «Bagtyýar nesil» topary, ýaglyga towusmakda «Gökdere» topary üstün çykdy. Ýaryşyň ýeňijileri guramaçylar tarapyndan sylaglandy.

 

Wepa ANNABERDIÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA