ARMAŇ, GALLAÇYLAR!

     Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýyň her bir dänesini yrýa etmän ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmakda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň gallaçylar has yhlasly we tutanýerli zähmet çekýärler. Meýdanlarda bugdaý orujy kombaýnlardyr awtoulaglaryň hereketlerinden çen tutsak, arzyly menziliň uzakda däldigine göz ýetirmek bolýar.

     Häzirki gyzgalaňly günlerde etrabymyzyň bol hasylly meýdanlarynda zähmet gaýnap joşýar. Şeýle jogapkärli möwsümde gallaçylaryň, ussat mehanizatorlaryň, awtoulag sürüjileriniň arasynda medeni-dynç alyş dabaralaryny guramakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan alnyp barylýan işler hem guwandyryjydyr. Ýörite tassyklanan meýilnama esasynda günortanky arakesme wagtlarynda meýdan düşelgelerinde geçirilýän çäreler möwsüme gatnaşyjylaryň göwünlerini götermekde, olary zähmet üstünliklerine galkyndyrmakda hem-de armalaryny ýetirmekde ähmiýetlidir.

     «Armaň, gallaçylar!» ady bilen geçirilen nobatdaky medeni-dynç alyş dabarasy has-da täsirli boldy. Onuň barşynda  medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, degişme sahnalary  giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Öňdebaryjy zähmetkeşlere jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.
     Dabara gatnaşanlar eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
TMÝG-­niň
Ahal welaýatynyň Bäherden etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA