SPORT — SAGDYNLYGYŇ SAKASY

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň öňlerinde goýan jogapkärli wezipelerinden ugur alyp, raýatlar toparlarynyň we bagtyýar ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary geçirýäris. Esasan hem kämil başarnykly, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegini gazanmak hemmämiziň öňümizde duran jogapkärli wezipeleriň biridir. Şu maksat bilen ýakynda Türkmenabat şäherindäki «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik.

     «Sagdyn bolaýyn diýseň, sport bilen meşgullan!» diýen at bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda edilen çykyşlarda ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrunda Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda başy başlanan beýik işleriň berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilýändigi buýsanç bilen nygtaldy. Aýratyn-da, körpe nesliň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmakda döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, çagalar we bilim edaralarynda sport bilen meşgullanmak ugrunda döredilýän döwrebap şertler we mümkinçilikler dogrusyndaky täsirli çykyşlara giň orun berildi. Biz mundan beýläk-de ýaşlaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegini gazanmak ugrundaky işlere öz mynasyp goşandymyzy goşarys.

 

Döwran HEMRAÝEW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Dekabr 2024 | 1 okalan

MERDANA NESILLERIŇ BÄSLEŞIGI

04 Dekabr 2024 | 0 okalan

ZEHINLI ÝAŞLAR — WATANYŇ GELJEGI

03 Dekabr 2024 | 25 okalan

BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ ÝURDUNDA