Gahryman Arkadagymyz: «Türkmeniň täze taryhynda indiki wezipämiz eziz Watanymyzy mundan beýlägem gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipäni Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly amala aşyryp bileris. Ine, hut şu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uludyr» diýmek bilen, türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň barha uly ähmiýete eýe bolýandygyny, şeýle hem rowaçlanýandygyny beýan edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilikli syýasatynyň netijesinde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimizde türkmen jemgyýetinde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Şu günler bolsa ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda – 24nji sentýabrda ýokary derejede geçirmäge ykjam taýýarlyk görülýär. Bu işler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan hem meýilnamalaýyn alnyp barylýar. Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäreleri, maslahat duşuşyklary hem-de «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler yzygiderli guralýar.
Şeýle çäreleriň biri-de, düýn, Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirildi. «Halk bähbitli işler rowaçlanýar» ady bilen geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde Halk Maslahatynyň ähmiýeti, bu döwletli maslahaty geçirmekde görülýän taýýarlyk işleri, aýratyn-da ýaşlaryň oňa gatnaşygy babatynda gürrüňleri etdiler.
Şeýle hem çykyşlaryň her birinde halk demokratiýasyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.