Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Tejen etrap merkezindäki Medeniýet öýünde «Döwlet bilen halkyň jebisligi agzybirligiň we döwletliligiň berk binýadydyr!» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, onuň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek we taryhy syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen guralan duşuşyga etrabyň edara-kärhanalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň hem uly topary gatnaşdy.
Duşuşykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylyşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleri baradaky gürrüňe üns çekildi, Halk Maslahatynyň taryhy syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti hakda durlup geçildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Tejen etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.