Ýakynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş merkezinde Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda tomus möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça aýdym-sazly sport çäresi geçirildi. Sport çäresine gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezen çagalara TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan bagtyýar körpeler özlerine döredilip berilýän şeýle giň mümkinçilikler, ajaýyp şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüý ýürekden sagbolsun aýtdylar.
Rüstem MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.