Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň sport mekdebinde «Watansöýüji ýaşlar — ýurduň geljegi» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna ýaş türgenler işjeň gatnaşdylar.
Ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, päk ahlaklylyk, sagdynlyk ruhunda terbiýelemek hem-de asylly ýol-ýörelgeleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan duşuşykda çykyş edenler berkarar Watanymyzda ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän ajaýyp şertler barada giňişleýin durup geçdiler.
Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.