Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden medeni-mirasyny gorap saklamak, ylmy esasda çuňňur öwrenmek we seljermek, milli gymmatlyklarymyzy gaýtadan dikeltmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Her bir halkyň milli medeniýeti, däp-dessurlary, özboluşly medeniýeti bar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň esasy maksady oňa goşulan täsin maddy ýa-da maddy däl medeni mirasy, tebigy ýadygärligi goramakdan, çuňňur öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri hem onuň iň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasaty esasynda halkymyzyň medeniýetini, baý taryhy medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmäge, ruhy we maddy gymmatlygymyzy gorap saklamaga, şeýle-de onuň çuň many-mazmunyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda halkymyzyň medeni mirasynyň goragynyň hukuk üpjünçiligi boýunça biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Çärjew etrap Geňeşiniň işgärleri bolup etrabyň çäginde hereket edýän edara guramalarynda Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryny gorap saklamak barada «Türkmenistan ÝUNESKO: taryhy-medeni gymmatlyklaryň goraglylygy ugrunda» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşukda çykyş edenler ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyz barada giňişleýin beýan etdiler we milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamana, olaryň ähmiýetini ýaşlarymyzyň arasynda wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtdylar.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.