MAGTYMGULY PYRAGY – BÜTINDÜNÝÄ ŞAHYRY

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bilim we medeniýet bölümleri bilen bilelikde, etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebinde “Magtymguly Pyragy – bütindünýä şahyry” atly şygar astynda, duşuşyk çäresini geçirdi. Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýä hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek maksady bilen  guralan çärä 19-njy orta mekdebiň müdiri şahyr Gurbannyýaz Gurdow, 7-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, şahyr Ojy Sabyrowa, 29-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Bahar Annaşowa, 5-nji çagalar bagynyň mugallymy, ýaş şahyr Tawus Nedirowa, 41-nji orta mekdebiň mugallymy, ýaş şahyr Patma Allabaýewa, 13-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Şeker Esenowa dagylar hem-de etrabyň 29-njy, 24-nji orta mekdepleriniň okuwçylary Çeper Halnazarowa, Gurbanjemal Ataýewa dagylar gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýulýan beýik sarpa, şahyryň şygyrlar dünýäsiniň ýer ýüzünde öwrenilişi barada çykyş etdiler. Şeýle-de, onda çeper okaýyşlar, goşgular okaldy. Duşuşykda halypa mugallymlar ýaşlara döredijilik ýolunda halypa maslahatlaryny berdiler, mydama gözlegde bolmagy, öz üstlerinde irginsiz işlemekligi maslahat berip, olara döredijilik äleminde ak ýol arzuw etdiler. Çärä gatnaşanlar gündogaryň beýik akyldary, şahyr Magtymguly Pyragynynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.

 

Täjigül GYLYJOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar