TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR BAÝRAGYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI!

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara, ösüş-özgertmelere, altyn harplar bilen ýazyljak, ýatdan çykmajak wakalara öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr» diýip bellemek bilen, täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly beýik wezipeleri üstünlikli çözmek babatdaky tagallalarda ýaşlaryň döredijilikli we tutanýerli zähmetine aýratyn ähmiýet gönükdirýär, olara uly ynam bildirýär. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde bilim almagy, ylym-hünär öwrenmegi, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döredijilikli we joşgunly zähmet çekmegi, Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşmagy ugrunda ähli şertleri hem-de mümkinçilikleri döredilýär.

     Hemmämiziň bilşimiz ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem taryha altyn harplar bilen ýazyljak wakalara baýdyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän şanly ýylymyzda ýurdumyzda il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler alnyp barylýar . Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi Watanymyzy ösdürmäge mynasyp uly goşant goşmaga hyjuwdan doly ýaşlarymyzyň durmuşynda ajaýyp wakalaryň biri boldy. Dabarada çykyş edenler Ministrler Kabinetiniň 15-nji noýabrynda geçirilen mejlisinde-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy baradaky meselä ünsi çekendigi nygtaldy.

     Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş raýatlary hemmetaraplaýyn goldamagyň nusgalyk ulgamy döredildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak boýunça bäsleşik yglan etdi.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 506-sy hödürlenildi, olardan 135-si saýlanyp alyndy.

     Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerine we ýeten sepgitlerine çäksiz buýsanýan dabara gatnaşyjylar ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen çäreleriň möhümdigini bellediler. Olar bu ugurda alyp barýan köp taraply işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

 

RÖWŞEN MAKSATMYRADOW

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Öňki makala

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 42 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

18 Noýabr 2024 | 44 okalan

BEÝIK DÖWRÜŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY