AHALTEKE BEDEWLER: TARYHA UZAÝAN KÖKLER

Türkmen halkynyň dünýä beren gymmatlyklarynyň içinde ahalteke bedewlerine aýratyn orun degişlidir. Taryhyň çylşyrymly wakalaryna, ýowuz öwrümlerine garamazdan, türkmen halky dünýäniň dürli ýurtlarynyň ussat hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýän milli atşynaslyk medeniýetini elýetmez baýlyk hökmünde mynasyp derejede gorap saklamagy başardy. Arheologik maglumatlar türkmen halkynyň atşynaslyk sungatynyň gadymyýetden gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär.

Gazuw-agtaryş işleri netijesinde bäşinji Pazyryk depesinden tapylan ýüň halydaky atyň şekili, Goňurdepeden tapylan, atlary seýislemek üçin ulanylan bürünç surnaý we hasanyň ujy hem-de şol ýerlerdäki gonamçylykdan tapylan taýçanagyň süňkleri bedewleriň türkmen halkymyzyň durmuşyna has irki döwürlerde aralaşandygyny subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda atşynaslygyň gadymyýetden gözbaş alýandygyny nygtap: “Aýratyn hormat bilen jaýlanan taýçanak, ençeme bürünç şahjagazlar – bedewleri seýislemek üçin niýetlenen ýörite saz gurallary, ahalteke bedewiniňki ýaly boýny uzyn, gözleri uly atyň kellesi görnüşindäki kindiwanja heýkeljik – bu tapyndylaryň ählisi, W.I. Sarianidiniň tassyklaýşy ýaly, biziň eýýamymyzdan ozalky III–II müňýyllyklaryň sepgidinde gadymy türkmen taýpalarynyň atlaryň naýbaşy tohumlarynyň seleksiýasynyň başyny başlandygyna şaýatlyk edýär. Ahyrky netijede, munuň özi ahalteke tohumynyň döremegine getirdi” diýip belleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň “Taryhy ýadygärlikler türkmen bedewiniň keşbiniň örän gadymy döwürlerden bäri, heýkeltaraşlaryň, küýzegärleriň, senetkärleriň, suratkeşleriň, halyçylaryň ünsüni özüne çekendiginiň aýdyň subutnamasydyr”  diýip, nygtaýşy ýaly, gadymy ilat birnäçe haýwanlaryň ylaýta-da, toýun palçygyndan bedewleriň heýkeljiklerini ýasapdyrlar. Eger-de ýokarda getirilen maglumatlara salgylanyp, Türkmenistanyň çäginde bedew atlary seýislemek täze daş eýýamyndan göz baş alyp gaýdypdyr diýsek hakykatdan daş düşmesek gerek. Çünki arheolog – alym B.A. Kuftiniň mis-daş we bürünç eýýamyna degişli bolan Änew, Ýaşyldepe, Kermençidepe ýaly ýadygärliklerde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde atlaryň süňk galyndylary tapylypdyr. Tapyndylarda geçirilen barlaglaryň esasynda olaryň öz döwründe eldekileşdirilendigi anyklanyldy. Bu bolsa täze daş eýýamynda ýüze çykan seýisçilik sungatynyň soňky döwürlerde pajarlap ösendigini görkezýär. Seýisçilik sungatymyzyň taryhy köklerini şöhlelendirýän ýene bir tapyndylaryň biri çapyksuwarly şekillendirilen bedew heýkeljiklerdir.

ÝUNESKO-nyň gymmatlyklarynyň sanawyna girizilen gadymy Merwde ýerleşýän Gäwürgala ýadygärliginden şonuň ýaly nusgalaryň ençemesi ýüze çykaryldy. Heýkeljikler adatça özbaşdak hem-de çapyksuwarly şekillendirilipdir. Olaryň beýikligi 10-12 santimetre barabar bolup, onda bedew dik uzyn boýunly şöhlelendirilipdir. Bedewler bilen birlikde çapyksuwarlar beýik başgaply, gür sakgally, kellesi süýrelip gidýän görnüşde şekillendirilipdir. Şol bir ýadygärlikden bedew şekilli heýkeliň täsin nusgasy ele salyndy. Heýkelde şekillendirilen bedewiň göwresine özboluşly ýapynja bolup onuň ýüzünde tegelek guşgöz nagşyna meňzeş bezegler bolupdyr. Olaryň häzirki döwürde bedewlerimize dakylýan guşgun we guşgöz şaý-seplerine kybapdaş gelmegi bedewleri gymmat bahaly şaý-sepler bilen bezemegiň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyny görkezýär. Bu maglumatlary göz öňünde tutsak, onda adamzat taryhynda heniz demriň ýüze çykmadyk döwründe ýurdumyzda ýaşan gadymy ilatyň arasynda seýisçilik sungaty uly ähmiýete eýe bolandyr. Çünki, gadymy süňk galyndylarda we sungat eserlerde geçirilen barlaglaryň esasynda şol bedewleriň häzirki ahalteke atlaryna meňzeş bolmagy olaryň özboluşlylygyny dünýä derejesinde ykrar edýär.

Meşhur barlagçylar ahalteke bedewlerinde bütindünýä belli bolan gadymy Nusaý tohumyndaky atlaryň nesillerini görüpdirler. Atşynas we görnükli alym, atlaryň janköýeri, professor W.O.Witt: “Ahalteke bedewleri şol gadymy arassa gandaky atlaryň soňky damjalarydyr. Onuň kömegi arkaly atşynaslyk ulgamynyň ähli medeniýeti kemala getirildi” diýip, belleýär. Gadymy Pazyryk depelerinden tapylan çapuw atynyň mazary hakynda hem bu alym şeýle diýýär: “Bu örän gadymy çapylýan atyň, Assiriýanyň, Müsüriň we Elladanyň beýik ussatlarynyň eserlerinde şekillendirilen Orta Aziýanyň söweşjeň atlarynyň neslidir”. Türkmen bedewiniň arassa tohumlylygy, ýyndamlygy we owadanlygy dogrusyndaky gündogary öwreniji alym M.Saparow öz işinde: “Türkmen bedewiniň gözelligi, özboluşly çydamlylygy, eýesine bolan wepalylygy köpleriň ünsüni çekipdir. Şoňa görä-de, birnäçe asyrlaryň dowamynda Orta Aziýanyň beýleki döwletlerine şol bir wagtyň özünde Eýrana we Owganystana türkmen bedewleriniň müňlerçesini tohum arassalygy üçin alyp gidilipdir” diýip, nygtaýar.

Bu maglumatlar bedewlerimiziň taryhyň dürli döwürlerinde dünýäniň beýleki medeni ojaklarynda uly ähmiýete eýe bolandygyny görkezýär. Şol döwürlerde ýurdumyzyň çäginde ösdürilip ýetişdirilen bedewler bolsa häzirki ahalteke bedewlerimiziň ata-babalary hasaplanylýar. Taryhyň çylşyrymly menzillerinde birnäçe wakalary başdan geçirendigine garamazdan, ata-babalarymyz şol bedewleriň tohum arassalygyny gorap-saklap, sungat derejesine çenli ýetiripdirler. Türkmen bedewiniň dabarasy dag aşýan şöhraty barada Gahryman Arkadagymyzyň “Meniň pikirimçe, bedew durmuşyň bitewi bir deňlemesi ýalydyr” diýen jümlesi türkmen bedewleriniň toýnagy degen topragyň olaryň şan-şöhratynyň janly şaýadydygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, “Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda dünýäniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, owadanlygy we ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr” diýip nygtaýar. Halkymyzyň asyrlar aşyryp ýakyn syrdaşyna öwrülen türkmen bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda sarpalanýar.

Olaryň şan-şöhraty halkara derejede beýgelýär. Oňa ýurdumyzyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy ÝUNESKO bilen alnyp barylýan oňyn hyzmatdaşlygyň mysalynda has hem göz ýetirmek bolýar. Dünýäniň milli mirasynyň altyna barabar gymmatlyklarynyň sanawuny özünde jemleýän bu gurama biziň milli mirasymyzyň altyn parçalarynyň birnäçesiniň goşulmagy ruhumyzy beýgeldýär. Şol bir wagtyň özünde bu hyzmatdaşlygyň çäginde ahalteke bedewlerimiziň we seýisçilik sungatymyzyň, ÝUNESKO-nyň gymmatlyklaryna girizmek boýunça alnyp barylýan işler türkmen halkynyň milli mirasynyň özboluşly aýratynlyklarynyň dünýä derejesinde uly abraýa eýedigini nobatdaky sapar tekrarlaýar.

Batyr ESENOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary

institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar