Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli mirasymyzy, sungatymyzy geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Halkymyzyň şeýle nepis sungatlarynyň biri-de ene-mamalarymyzdan miras galan keşdeçilik sungatydyr. El hünärini, şol sanda keşdeçilik sungatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde we olarda el hünärine söýgi döretmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň işgärleri hem yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Ýakynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda «El hünäri il gezer» atly telegepleşigiň ýazgy edilmegi hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Etrabymyzyň ýaşaýjysy Ogulşirin Annaýewalaryň döwletli ojagynda teleýazgy edilen gepleşik örän täsirli boldy. Ömrüniň 35-40 ýylyny keşdeçilik sungatyna bagyş eden Ogulşirin daýza bu sungatyň inçe syrlary we taryhy barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol döwletli ojaga ýygnanan ýaş gelin-gyzlara hem ajaýyp sungatyň inçe ýollary hakda aýdyp, gymmatly öwüt-ündewlerini berdi. Nepis keşdeleriň zenanlarymyzyň tebigy gözelligine has-da görk goşýandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Telegepleşige gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerine, türkmeniň milli sungatyny ýaş nesillere ýetirmek ugrundaky tagallalaryna sagbolsun aýdyp, janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Leýli BEGENJOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Babadaýhan etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.