Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Kofe we kofe önümlerini öndürýän hem-de nah ýüplük öndürýän kärhanalar dabaraly açylyp, işe girizilmegi şatlykly wakalaryň birine öwrüldi. Welaýatymyzyň köp sanly ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen döwrebap desgalaryň açylyş dabaralary aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Tejenmyrat Baýramdurdyýewe degişli bolan Kofe we kofe önümlerini öndürýän kärhananyň çäginde edara we önümçilik binalary, ammarlar toplumy, aşhana hem-de beýleki kömekçi desgalar ýerleşýär. «Mert ýaran» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan kärhananyň tehnologiki önümçilik-iş prossesi döwrebap enjamlardan düzülip, kämil önümçilik düzümi emele gelýär. Önümçilik binasynda ornaşdyrylan, Italiýa, Gresiýa, Çehiýa, Germaniýa ýaly döwletleriň kämil enjamlary bu ýerde çig däneli kofeni gaýtadan işläp, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply kofe we kofe önümleriniň her ýylda dört müň tonnadan gowragyny, şol sanda 600 tonnadan gowrak çig däneli kofe önümlerini, 3 müň 400 tonna külke görnüşli kofe öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu önümler «NesilCoffee» haryt nyşany bilen alyjylara hödürlener.
«Gök saraý» hususy kärhanasyna degişli bolan Nah ýüplük kärhanasy bolsa, ýylda 5000 tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işläp, ondan 4250 tonnadan gowrak dürli belgidäki ýüplük önümlerini öndürmek mümkinçiligine eýedir. Onda Ýewropanyň, Ýaponiýanyň hem-de Hytaýyň meşhur önüm öndürijileriniň ýokary hilli enjamlary, täze innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylypdyr.
Täze kärhanada öndüriljek dürli belgidäki ýüplükleri ABŞ, Ýewropa döwletlerine we beýleki ýurtlara eksport etmek göz öňüne tutulýar. Ýerli işçi-hünärmenleriň 350-si üçin döwrebap iş ornuny açan täze kärhana ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, dokma senagaty pudagynyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagyna saldamly goşant goşar.
Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.