AK BUGDAÝ ETRABYMYZDA DÖWREBAP DESGA AÇYLDY

     Täze ýylyň bosagasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kubmetr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň gurlup, ulanylmaga berilmegi şatlykly wakalaryň üstüni ýetirdi. Häzirki zaman desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgärleri hem-de işjeň agzalary üçin has-da ýakymly boldy.

     Täze desga aýlanyp gördük, onuň çägindäki binalarda ornaşdyrylan enjamlaryň aýratynlygy bilen tanyşdyk. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň soňky tehnologiýalaryny, kämil enjamlaryny görüp diýseň begendik. Telekeçilerimiziň şeýle desgalary ýokary talaplara laýyklykda gurýandygyna guwanjymyz artýar. Lagym suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasy bizde uly täsirleri döretdi. Şeýle döwrebap desgalary gurdurýan hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Jeýhun SAPARGULYÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA