MILLI MIRASYMYZ — BUÝSANJYMYZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda milli mirasymyzy öwrenmekde, ösdürmekde möhüm işler alnyp barylýar, sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr-gymmaty belentde tutulýar.

Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň keşde çekmek sungaty hem gadymy el hünärleriniň biridir. Keşdeler milli egin-eşiklerimiziň düzüm bölegidir. Olar keşdeçilik usulynda tikilip taýýarlanypdyr. Şol çeper usullary, tärleri, tejribeleri eneler gyzlaryna, aýal doganlar uýalaryna, gelinler baldyzlaryna öwredipdirler. Şeýlelikde, bu gadymy milli amaly-haşam sungaty menziller aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şeýle hem türkmen milli egin- eşikleri özüne çekijiligi bilen dünýä ýüzünde meşhurdyr.

Türkmen halky tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda döredilen maddy däl medeni mirasymyzyň nusgalaryny toplap öwrenmek, gorap saklamak babatda maksatlaýyn işleri alyp barmaklyk hem-de ýaş nesillere ýetirmek ugrunda ylmy-usulyýet, wagyz-nesihat häsiýetli usullary ýola goýmak halkdan toplanan maglumatlary arhiwleşdirmek, olaryň maglumatlar binýadyny döretmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar.

Şahnoza GAPPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

25 Iýul 2025 | 45 okalan

MILLI MIRASYMYZ — BUÝSANJYMYZ

25 Iýul 2025 | 41 okalan

MEDENI MIRAS — RUHY BAÝLYGYMYZ

24 Iýul 2025 | 42 okalan

TÜRKMENIŇ MERDANALYK HÄSIÝETI