BAGTYÝAR ZAMANANYŇ BAGTLY KÖRPELERI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramagynda «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň oňat dynç almaklaryny, medeni-köpçülik çärelere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak we sporta höweslendirmek maksady bilen, çagalaryň arasynda «Bagtyýar zamananyň bagtly körpeleri» ady bilen uzak aralyga ylgamak boýunça pökgüli estafeta bäsleşikleri geçirildi.

Gyzykly geçen bäsleşikde «Nebitçi» topary 1-nji orna, «Burawçy» topary 2-nji orna we «Galkynyş» hem-de «Hazar» topary 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Hakmyrat KIŞJIKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

 «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar