ÝOLLARYŇ ASUDALYGY UGRUNDA

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hem-de Ýolöten etrap Polisiýa bölüminiň, Ýolöten etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 42-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda “Ýollaryň asudalygy ugrunda” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, Ýolöten etrap Polisiýa bölüminiň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi Rahym Taganow, Ýolöten etrap ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba alyş bölüminiň gözegçisi Ezberhoja Rozyýew, Ýolöten etrap Polisiýa bölüminiň derňew bölümçesiniň sülçüsi Gurban Jümmiýew, Ýolöten etrap Polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi gullugynyň ýol gözegçilik wyzwodynyň kiçi gözegçisi Polisiýanyň uly seržanty Parahat Saparmyradow, Ýolöten etrap Polisiýa bölüminiň 4-nji toparyň gözegçisi Saýlow Myratlyýew, Ýolöten etrap Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň gözegçisi Rozygeldi Haýdarow çykyş edip, ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda yglan edilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäginde mekdep okuwçylary bilen geçirilýän çäreleriň oňyn netije berýändigi, şoňa görä-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda biraýlyk mynasybetli guralýan wagyz-nesihat işlerine möhüm ähmiýet berilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň edilip, duşuşygyň dowamynda özara sowal-jogap alşylmagy çäräniň täsirliligini artdyrdy.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, il-günümiziň bagtyýar we rahat durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň ilhalar nesiller bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA,

Türkmenistan Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Sentýabr 2025 | 23 okalan

GARAŞSYZLYK — KÖŇÜLLERIŇ KELAMY

23 Sentýabr 2025 | 19 okalan

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI