Häzirki wagtda döwletimiziň durnukly ösüşini ýokarlandyrmak maksady bilen esasy garalýan meseleleriň biri hem hususy telekeçilik işini ösdürmekdir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Hususylaşdyrmaga degişli edara-kärhanalaryň sanawyna energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň aýry-aýry döwlet kärhanalaryny, üpjünçilik desgalaryny, şeýle hem köp sanly beýleki kärhanalary girizmeli. Häzirki döwürde biz telekeçilere degişli edara-kärhanalaryň döwlete degişli edara-kärhanalar bilen deňeşdirilende, has gowy we netijeli işleýändigini görýäris» diýip belläp geçýär.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazarlarda haryt bolçulygyny döretmekde, önüm öndürmekde we gurluşyk pudagyny ýokarlandyrmakda netijeli işleri alyp barýarlar. Hakykatdan-da, her bir ýurduň ösüşinde uly wezipäni eýeleýän ugurlaryň esasylarynyň biri hususy telekeçilik işidir. Ykdysady taýdan ösen döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşýan telekeçilik işini ösdürmekde we kämilleşdirmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda netijeli işler durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Diýarymyzda hususyýetçiligi ösdürmek babatynda uly işler meýilleşdirilýär. Ol hususy eýeçilige daýanyp ösýän önümçilikleriň ýurduň eksportynyň artdyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna saldamly goşant goşmagyny gazanmakdan, ýurdumyzyň importynyň möçberini azaltmak we düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmekden, ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň we enjamlarynyň öndürilişini ýola goýmakdan, hususy eýeçilikdäki innowasion häsiýetli kärhanalary ösdürip, olaryň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem Prezident Maksatnamasyna laýyklykda hususy eýeçilikde hereket edýän kärhanalarda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, öndürilýän önümleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek babatynda giň gerimli işleri ýola goýmak, hususy eýeçiligiň kärhanalaryny toplumlaýyn we «klasterleýn» häsiýetde ösdürmek, mineral çig mallary we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary döretmegi giň gerim bilen alyp barmak, oba ýerlerinde we etrap merkezlerinde döwrebap iş orunlaryny döretmek hem-de işgärleriň aýlyk iş haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak, hususy eýeçiligiň ýurduň durmuş maksatly desgalarynyň we inženerçilik infrastrukturasynyň binalarynyň gurluşygyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak işleri has-da ilerleder.
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde telekeçilik işi — emlägi peýdalanmak, harytlary satmak, işleri ýerine ýetirmek ýa-da edara görnüşli we şahsy taraplara hyzmat etmek arkaly birsyhly peýda almaga gönükdirilen özbaşdak we öz töwekgelligiň bilen amala aşyrylýan işlerdir.
Telekeçilik işine başlamak we ýola goýmagy amala aşyrmak üçin zerur serişdeleriň iň möhümi maliýe serişdeleridir. Sebäbi maliýe serişdeleri ýeterlik bolan ýagdaýynda telekeçilik işini ýola goýmak we üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur bolan maddy-tehniki serişdeler, emläkler ýaly beýleki serişdeleriň ählisini satyn ýa-da kärendesine alyp bolýar. Bu bolsa ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmakda mynasyp goşant goşmaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň iýul aýynyň 20-sine kabul eden «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen Diýarymyzyň ygtyýarly banklary tarapyndan kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla, dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli möhlete, ýyllyk 5 göterim bilen ýeňillikli şertlerde karzlar berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçileriniň pul serişdelerine bolan artýan islegleriniň bank ulgamy tarapyndan kanagatlandyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, umumy içerki önümiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň paýy ýylsaýyn artýar. Bu bolsa ýurdumyzda telekeçilik işiniň hakykatdan-da giň gerim bilen ösýändigini, içerki önümiň öndürilişiniň we daşary ýurtlara edilýän eksportyň möçberiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy we bu ugurda ýetilen belent sepgitler ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlaryndaky tutýan ornuny berkitmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipeleriniň netijesinde gazanylan üstünliklerdir.
Aýgül ANNALYÝEWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.
“Nesil” gazeti,
08.08.2020ý.