Türkmen halkyny ajaýyp zamananyň—Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eýesi eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýýär: “Biz sagdyn durmuşyň tarapdary bolmak bilen, milletimiziň genofondunyň has-da berkemegine, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly nesliň kemala getirilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek meselelerine aýratyn üns bermelidiris”.
Biziň turuwbaşdan Arkadag Prezidentimiziň şeýle çuň mazmunly sözlerine ýüzlenmegimiz ýöne ýere däl. Sebäbi halkymyzyň baş saglygyny hemmetaraplaýyn goramak hem-de pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň naýbaşy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa halkyň saglygynyň milli mertebäniň hem-de jemgyýetiň medeniýetiniň derejesini kesgitleýän anyk görkezijileriň ilkinjileriniň biridigi babatdaky mizemez hakykaty ýene bir ýola tassyklaýar. Şol bir wagtda, saglyk islendik adamyň ýokary derejedäki döredijilikli, öndürijilikli zähmet hem-de akyl-paýhas mümkinçiliginiň zerur şertleriniň biridir. Gysby sözlerde aýdanyňda bolsa, saglyk her bir ynsanyň baky bagtyýarlygynyň kepilidir. Ine, hormatly Prezidentimiziň berkarar ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna berk eýermek arkaly halkymyzyň baş saglygyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriniň özeninde şeýle mizemez hakykatlar jemlenendir. Şonuň üçin hem biz ýurdumyzyň okgunly ösýän ykdysadyýetiniň, syýasy üstünlikleriniň, ylmy we tehniki ilerlemeleriniň, yzygiderli kämilleşýän medeniýetiniň, umuman aýdanyňda, köptaraply ösüşiniň gözbaşynda il saglygy baradaky şeýle aladalaryň durandygyny buýsanç bilen nygtap bileris.
Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň baş saglygyny goramaga we pugtalandyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryna daýanýan oýlanyşykly tutumlaryny hemişe baýlaşdyryp durýar. Netijede bolsa, lukmançylyk ylmynyň gazananlaryna, öňdebaryjy iş tejribelerine daýanýan saglygy goraýyş binalarynyň onlarçasy halkymyzyň ygtyýaryna berildi. Munuň özi agzybir halkymyza edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hil derejesine hem-de netijeliligine düýpli itergiler berdi.
Arkadag Prezidentimiziň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, behişdi bedewlerimizi hemişelik syrdaşyna öwürmek bilen sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi bagtyýar ýaşlarymyz üçin nusgalyk görelde, beýik mekdep bolup durýandygy aýratyn guwandyryjydyr. Bu bolsa öz nobatynda biziň her birimiziň aň-düşünjämizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň hem-de endikleriniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň kemala gelmegine düýpli itergiler berýär. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli ägirt uly tutumlary üstünlikli durmuşa geçirmek ýaly iňňän jogapkärli işlerinden wagt tapyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermeginiň, sportuň dürli ugurlary babatda kämilleşmegiň ajaýyp göreldesini görkezmeginiň her birimizde şunuň ýaly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmegi dürli ýiti ýokanç keselleriň öňüni almakda, olardan goranmakda oňyn netijelerini berýär. Şu günler howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy bilen baglylykda, agyz-burun örtüklerini ulanmak, 2 metr howpsuz araçägi saklamak düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek babatda bagtyýar ýaşlarymyzyň işjeňligi muňa özboluşly subutnama bolup durýar. Şeýle-de olar agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, kesgitlenilen araçägi saklamagyň ynsan saglygyny goramakdaky möhüm ähmiýetini dürli ýaşdaky adamlara düşündirmekde hem yhlaslaryny gaýgyranoklar.
Ruhy seždegähimiz Magtymguly Pyragynyň “Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun” diýen öwüt-ündewlerini hemişelik durmuş ýörelgesine öwren agzybir halkymyzyň baş saglygyny goramakda döwlet derejesinde ähli tagallalary edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak bolup, beýik tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Guwanç Çendirow,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti