24-nji martda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Bedew bady bilen öňe barýar Arkadagly diýarym» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna baryp ol ýerde ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň nesil dowamaty bolan Täze günüň, täze ýylyň buşlugy bolup dünýä inen taýçanaga paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bilen baglylykda, Aşgabat diýip at goýmagynyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekanynyň, onuň merkezi şäheriniň bedew batly ösüşleriniň, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleriň nyşany bolandygyny uly buýsanç bilen bellediler hem-de «At – myrat» diýip, bedew atynyň mertebesini beýgeldýän halkymyzyň şatlygyna-şatlyk goşan Aşgabat atly taýçanagyň mydama toý-baýramy, bahar paslyny ýatladyp, türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülmegini hem-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, türkmen halkynyň her bir gününi toýdur-baýramlara besleýän, mertebesi belent Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw etdiler.