Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakynda» Kararyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi döredijilik bäsleşiklerini yglan edýär.
«Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly döredijilik bäsleşigi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikde gurnamagynda geçirilýän bu bäsleşige Aşgabat şäherinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan dutar ussalary, sazandalar we bagşylar gatnaşyp bilerler.
«Dutarda saz çalmak» we «Bagşyçylyk sungaty» ugurlary boýunça 18-30 ýaş aralygyndaky sazandalar we bagşylar gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň birinji tapgyry Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň öz içinde 2021-nji ýylyň 5-6-njy aprelinde geçiriler. Olarda ýeňiji bolanlar 9-njy aprelde Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Resminamalary 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli Aşgabat şäher we welaýat medeniýet müdirliklerine tabşyrmaly.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-00-37, 44-01-16.