Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan özgerişleri mynasyp wasp etmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy halk köpçüligine ýaýmak, ýurdumyzyň we dost-doganlyk halklaryň heýkeltaraşlarynyň çeper döredijiligine bolan höwesini artdyrmak, bu ugurda bilim alýan ýaşlaryň ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýar.
Hut şu nukdaýnazardan ýakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda heýkeltaraşlaryň sergi bäşleşiginiň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bu sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, erkin suratkeşler, halypa we ýaş heýkeltaraşlary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary, Aşgabat şäherimiziň we welaýatlarymyzyň ýörite çeperçilik mekdepleriniň şeýle-de çagalar sungat mekdepleriniň heýkeltaraşlary bilen bir hatarda, dost-doganlyk ýurtlarymyz bolan Hytaý Halk Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Özbegistan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Ukraina, Mongoliýa, Moldowa Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Ermenistan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Koreýa Respublikasy ýaly başga-da birnäçe döwletleriň heýkeltaraşlarynyň gatnaşmagynda bäsleşik esasynda geçirilýär.
Bäsleşik-sergide “Meniň Watanym”, “Türkmenistan – parahatçylygyň Watany”, “Bagtyýar durmuş”, “Milli gahrymanlarymyz”, “Taryhy şahsyýetler”, “Zähmet”, “Bagtyýar ýaşlyk”, “Bagtly maşgala” we “Medeni mirasymyz” ýaly temalar boýunça ýerine ýetirildi. Bu bäsleşik esasynda geçirilýän sergidäki gatnaşýan eserlere seredeniňde tomaşaçylary haýrana galdyrýan birnäçe eserler görmek mümkindir. Olardan türkmen halkynyň görnükli heýkeltaraşlarynyň uzak döredijilikli ýolunda döreden keşpler dünýäsi örän baý we her biriniň öz gahrymanlarynyň ruhy dünýäsiniň ýalkymyna çenli dürli psihologik ýagdaýlarynyň hem-de hyjuwlarynyň tükeniksiz baý öwüşginlerinden gaplanandygyny seredeniňde aňşyrmak mümkindir. Mundan başga-da heýkeltaraşlaryň ownuk heýkellerinde gahrymanlarynyň edermen we merdana keşpleri, taslama çözgütleri we ýasalyş usullary bilen tapawutlanýan tematik heýkelleri, realistiki äheňinde teswirlenen suratlary, janly-jandarlaryň täsirli we ýatda galyjy hereketleri, ösümlik dünýäsiniň gözelligi Sergiler jaýynyň içinde ýakymly hem-de ýakymly pursatlary döredip, geljekde ýaş heýkeltaraşlara täze eserleri döretmäge ylham çeşmesi bolup durýar.
Jennet KURTYŞEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Amaly-haşam sungaty fakultetiniň
Sungaty öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.