Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2022-2023-nji okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary «Açyk gapylar» gününe gatnaşmaga çagyrýar.

«Açyk gapylar» güni uniwersitetde we onuň Balkanabat bölüminde 2022-nji ýylyň 6-7-nji maýynda sagat 15:00-da başlanýar.

  • Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 8-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-13-05, 39-13-17.
  • Uniwersitetiň Balkanabat bölüminiň salgysy: Balkanabat şäheriniň G.Annaýew köçesiniň 76-njy jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 4-93-62, 2-19-98.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, «Açyk gapylar» gününde ýaşlar ýokary okuw mekdebinde okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdyrylar. Şeýle-de olara döwrebap okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri barada giňişleýin gürrüň berler.