WELOSIPEDE DAHYLLY GYZYKLY MAGLUMATLAR

  • Soňlugynda sport ulagyna öwrülen ilkinji welosipedi 1817-nji ýylda nemes mehanigi Karl Draýz ýasapdyr. 1868-nji ýylyň 31-nji maýynda Pariž bilen Sent-Klouň aralygynda ilkinji welosiped ýaryşy geçirilipdir. Bary-ýogy 200 metr aralyga geçirilen bäsleşikde iňlis türgeni J.Mur ýeňiji bolupdyr.
  • Niderlandlar ilatyň welosipedi köp ulanmagy boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Şeýle-de, bu ýurt welosiped sürüjileriň watany hasaplanylýar. Niderlandlaryň paýtagtynda 400 kilometre çenli uzalyp gidýän ýörite welosiped ýodajyklary bar. Welosipedden peýdalanýanlaryň sany bolsa ilatyň 99,1 göterimini düzýär.
  • Daniýa dünýäde welosipedi köp ulanmakda ikinji orunda barýar. 2017-nji ýyldaky hasaplamalara görä, welosiped sürüjiler üçin iň amatly şäher hökmünde köp ses gazanan Kopengagen resmi taýdan dünýäde ilkinji welosiped şäheri hasaplanylýar.
  • Portugaliýa welosiped öndürmekde Ýewropa ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu ýurtda ýylda 2,5 milliondan gowrak welosiped öndürilip, daşary ýurtlara eksport edilýär.

 

Taýýarlan Hakberdi NURYÝEW,

sport synçysy.

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 65 okalan

SAGDYN JEMGYÝET — ÖSÜŞLERIŇ KEPILI

12 Sentýabr 2025 | 51 okalan

SPORT — DURMUŞYMYZYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGI