NAÝBAŞY FUTZAL LIGASYNYŇ DUŞUŞYKLARYNA BADALGA BERLER

7-nji noýabrda 15-nji tapgyryň duşuşyklary bilen ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň üçünji aýlawyna badalga berler.

Ýurdumyzyň birinjiliginde baş baýrak ugrunda 8 toparyň («Köpetdag», «Gümrükçi», «Senagatbank», «Milli goşun» (hemmesi Aşgabat şäheri), «Ahal» (Ahal welaýaty), «Daşoguz» (Daşoguz welaýaty), «Deňizçi», TNGIZT (Balkan welaýaty) bäsleşýändigini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, Naýbaşy futzal ligasynyň ýeňijisi dört aýlawda geçirilýän bäsleşigiň netijesinde kesgitleniler. Geçirilen iki aýlawdan soň 36 utuk toplan «Köpetdag» hem-de «Deňizçi» öňdeligi eýeleýär. 27 utuk toplan «Gümrükçi» 3-nji orunda barýar.

Naýbaşy liganyň duşuşyklarynyň Aşgabat şäherinde, şeýle-de Balkan, Mary, Daşoguz şäherlerinde geçirilýändigini bellemek gerek.

Çempionatyň geljekki dört tapgyrynyň duşuşyklary 7-11-nji noýabr aralygynda Mary şäherinde geçiriler.

 

www.tff.com.tm

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 64 okalan

SAGDYN JEMGYÝET — ÖSÜŞLERIŇ KEPILI

12 Sentýabr 2025 | 51 okalan

SPORT — DURMUŞYMYZYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGI