Fiziki taýdan az hereket etmek ýaly adamy gowuşgynsyzlyga eltýän zat ýokdur. Ýaşaýyş işjeňligi talap edýär.
ARISTOTEL
Mylaýymlyk — tebigatyň ýarany we saglygyň goragçysy. Siňmedik iýmit, ony iýen adamy ýok edýändir.
Abul-FARAJ
Hereket etmegiň bes edilen ýerinde hemişe gowşaklyk peýda bolýandyr, onuň gelen ýerinde bolsa garrylyk ýüze çykýandyr.
APULEÝ
Belli şahsyýetler mydama özüni artyk iýmitden saklaýan adamlardyr.
O.BALZAK
Müňlerçe dertler bar, emma saglyk ýeke-täkdir.
L.BÝORNE
Ýaşaýyş üçin hökman hereket zerurdyr, ösýän akyla — iş.
A.BESTUŽEW
Ruhuň şähdaçyk we şadyýan ýagdaýy fiziki saglyga iň çalt täsir edýän dermandyr.
K.BOSTREM
Şadyýanlyk we şähdaçyklyk sagdynlygyň kepilidir.
Waleriý Maksim
Saglyk meniň bilýän ýeke-täk gözelligimdir. Sagdyn adamlaryň ählisi ýaşaýşy söýýär.
G.GEÝNE
Berhiz usully hereket — üznüksiz, dermanly usul — az salymlyk.
GIPPOKRAT
Sagdyn wagtyň ylgamasaň, hassa wagtyň ýüwürmeli bolarsyň.
GORASIÝ
Ýaşaýşy gysgaltmaga esasan gorky, gussa, hasrat, gaýgy, ruhy peslik, ýigrenç duýgulary täsir edýändir.
W.GUFELAND
Umyt etmek meniň bilýän lukmanlarymyň iň gowusydyr.
A.DÝUMA
Toplan Jemşit YMAMBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.