Hormatly Prezidentimiziň: «Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr» diýip, öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, şeýle-de ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň, mugallymlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler maşgala mukaddesligi, zenan terbiýesi, ahlaklylyk, edeplilik hem-de millilik dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Maşgala ojagynyň mukaddesligi öz gözbaşyny enä, ata we maşgaladaky uly ýaşlylara goýulýan hormatdan, halal zähmetden hem-de halkymyz üçin adaty bolan ahlak häsiýetlerden alyp gaýdýar. Jemgyýetiň berkligi, döwletiň berkararlygy maşgalanyň jebisligi bilen özara baglanyşyklydyr diýlip, edilen täsirli gürrüňler çäräniň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler maşgala gymmatlyklaryny sarpalap, türkmen jemgyýetiniň agzybir, abadan, jebis bolmagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Ş.SARJAGULYÝEWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.