TÜRKMEN TEBIGATY

Arnap tokaýlygy

Köýtendag etrabynyň Köýten obasynda täsin tokaýlyk bar.Bu tokaýy esasan, arnap agajy bezeýär.Arnap-ösümlikleriň gara tikenliler maşgalasyna degişlidir.Arnap agajynyň (ylmy ady-zizifur ýuýuda) watany Hytaý hasaplanylýar.Dünýäde bu agajyň 50 görnüşiniň ösýändigi mälimdir.Biziň Garaşsyz,baky Bitarap ýurdumyzda bolsa bir görnüşi ösýär.Arnap (unaby) agajy Türkmenistanda Köpetdagda we Köýtendagda ýabany görnüşde ösýär. Ol ýabany görnüşde Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň daglyk etraplarynda köp düş gelýär. Arnap agajy medeni görnüşde seýrek duş gelýär.Bu daragt Nohurda arnap,Magtymgulyda alnap, Aşgabat töwereklerinde akap,Köýtendagda bolsa çilan diýen at bilen giňden mälimdir.

Arnap agajynyň boýy 8-10 metre barabar bolup, tikenekli täsin agaçdyr. Onuň düýbi we şahalary egrem-bugram, tagaşyksyz ösýär. Ýapraklary bolsa ownuk bolup, garamtyl-ýaşyl reňklidir.Ol ýylyň aprel-maý aýlarynda bolsa gülleýär.Iýul-sentýabr aýlarynda bolsa miweleýär. Miwesi gyzylymtyl goňur reňkli, örän süýji we iýmäge ýaramly.Arnap agajynyň garrysynyň ýaşy ýüz ýyldan hem köpdür.

Arnap agajynyň miwesi iýmlik,dermanlyk,bezeg üçin ösdürilýär. Şeýle-de,bal berýän ösümlikler hökmünde-de ähmiýeti uludyr.Onuň miwesinde gury ýapraklarynda 65 göterime çenli gant,5 göterim bölek witaminler,dürli duzlar,organiki turşulyklar we biologiki maddalar,şeýle hem natriý,kalsiý,demir,sink,kobolt ýaly himiki elementler bardyr.Şonuň üçin ir wagtlardan  bäri arnap agajynyň miwesini halk tebipçiliginde demgysma,ýürek,böwrek kesellerini bejermekde,dem alyş organlary sowuklanda derman hökmünde ulanypdyrlar.Onuň ýapraklary hem keselleri bejermekde peýdalanylypdyr.

Hormatly Prezidentimiz her ýyl ýaz we güýz aýlarynda bag nahallarynyň ekilişine badalga bermek bilen,ata-babalarymyzyň sogaply ýörelgelerini dowam etdirýär.Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda beýan edilişi ýaly, döwletimizde tokaýlaşdyrmak, bagy – bossanlyga öwürmek işleri ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassa bolmagyna ýardam berýär. Alymlaryň maglumatlaryna görä, Köýtendagdaky arnap tokaýy Merkezi Aziýa boýunça iň uly jeňňellik hasaplanylýar we Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri tarapyndan goralyp saklanylýar.

 

Feruza ALLANAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly

adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.