Täze ýyl ajaýyp baýramçylyklaryň biridir. Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bu baýramyň esasy aýratynlygy hem ýagşy umyt-arzuwlara beslenip garşylanmagydyr. Ýurdumyzda geçip barýan ýyl bilen dabaraly hoşlaşylyp, täze ýyl uly joşgun bilen garşylanýar. Täze umyt- arzuwlara atarýan bu baýramda uly-kiçi hemmeleriň kalplary nurlanýar, göwünleri şatlanýar. Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde belentden ýaňlanýan aýdym-sazlar, joşgunly çykyşlar diňe bir çagalary däl, eýsem oňa gatnaşýanlaryň ählisine ruhy lezzet, şatlyk paýlaýar. Aýazbabanyň, Garpamygyň körpelere paýlaýan sowgatlary olary hasam begendirýär.
Ine şatlyk-şowhuna beslenýän Täze ýyl baýramyna bagyşlanan çäreleriň biri TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda “Ýyllar gelýär bagt serpaýyn eçilip” at bilen geçirildi we oňa etrabyň çagalar bagyna gatnaýan çagalar gatnaşdylar. Çärede geçip barýan 2022-nji ýylyň Diýarymyz üçin iň bir düşümli ýyllaryň biri bolandygy, bu şöhratly ýylda il bähbitli beýik işleriň amala aşyrylandygy nygtalyp, ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa göterýän, döwrümiziň gül-gunçalary bolan ýaş nesliň eşretli geljegi barada yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimize bolan söýgi-buýsanç çagalaryň ýerine ýetiren goşgularynda öz beýanyny tapdy. Çärede oňa gatnaşan çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
Maýsa AÝYDOWA,
TMÝG-niň Magtymguly etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.