ÝAŞLAR SIZE ALKYŞ AÝDÝAR, ARKADAGLY SERDARYMYZ!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem bosagadan ätlän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» ilkinji günlerinden başlap, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň her bir gününi ýatdan çykmajak pursatlara beslemek üçin TMÝG-niň Balkan welaýat etrap-şäher Geňeşleriniň agzybir işgärleri ýatdan çykmajak aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri gezelençleri bäsleşikleri geçirýärler. Ine şeýle çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşniň,Balkan welaýat häkimligi, Balkan welaýat Baş Bilim müdirligi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki welaýatyň Baş arçasynyň ýanynda geçirýän baýramçylyk dabaralary täsirli pursatlara baýlygy bilen tapawutlanýar. Dabaralaryň geçýän ýerine Aýazbaba bilen Garpamygyň gelmegi çäreleriň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrýar. Toý lybasly körpeler teatr ussatlarynyň halk ertekilerinden janlandyrýan keşpleri bilen arçanyň daşynda el tutuşyp aýlanýarlar, birek-birege ýürek arzuwlaryny beýan edip, şatlanýarlar. Ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanýan döwrebap aýdym-sazlar şowhunly çärelere gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlaýar. Şatlyk-şowhuna beslenýän baýramçylyk çärelerinde çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, baýramçylyk gutlaglary körpeleriň dowamly elçarpyşmalary bilen garşylanýar. Körpeler özlerine peşgeş berlen bagtyýar çagalyk üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny goşgularda, aýdym-sazlarda beýan etdiler. Aýazbabadyr Garpamygyň toý horjunyndan baýramçylyk sowgatlaryny alýan çagalaryň dillerinde Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşlar buýsançly ýaňlanýar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi,Balkan welaýat häkimligi, Balkan welaýat Baş Bilim müdirligi bilen bilelikde mekdep okuwçylaryny gyşky dynç alyş möwsüminde welaýat merkezindäki, Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnadylar. Welaýatymyzyň bagtyýar çagalary döredip berilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, aýdyň maksatlar, uly umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyz parahatçylygyň, il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň we tutumly işleriň ýyly bolsun diýip ýürek arzuwlaryny beýan etdiler!

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR