BERKARAR WATANDA ÝAŞLAR BAGTYÝAR

Ösüşiň ak ýoluna düşen mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen belent sepgitlere ýetýär. Halkyň kalbyna hem aňyna unudulmajak döwür bolup, zer bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyz beýik özgertmeleriň we ösüşiň ýoly bilen öňe barýar. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, döwletli, döwranly döwrümizde ýaşlar barada edilýän aladalaryň gerimi has-da artýar. Şu şöhratly ýylymyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy her bir ynsany buýsandyrýar. Bu, ilkinji nobatda, ýaşlar, geljegimiz bolan ýaş nesiller hakyndaky aladanyň durmuş syýasatynda dabaralanýandygyny, ýaşlara bildirilýän ynamyň uludygyny görkezýär. Şol ynamy ödemek, ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşandyňy goşmak, döredijilikli zähmet çekmek ýaşlar üçin parzdyr. Hormatly Prezidentimiz: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýmek bilen, ýaşlara uly ynam bildirýär. Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlaryň durmuşynyň täze döwrüň täzeçil işleriniň derejesinde guralmagyna uly mümkinçilikleri berdi.

Arkadagly Serdarymyzyň: “Biz ýaşlarymyzyň sagdyn we berk bedenli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri, olaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmaklary, sport äleminde ýokary netijeleri gazanmaklary üçin geljekde-de ähli şertleri dörederis” diýip bellemegi, ýurduň geljegi bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn bolup ýetişmegi ugrunda geljekde-de ähli mümkinçilikleriň dörediljekdiginden habar berýär. Häzirki wagtda ýaş nesillerimiziň eziz Watanymyza ygrarly, lebzihalal bolup ýetişmekleri ugrunda düýpli aladalar edilýär. Jemgyýetimizde ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, arassa ahlakly, ata-babalarymyzyň nusga alarlyk häsiýetlerini özünde jemläp, çuňňur bilim almaklary üçin ähli şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikler ýaşlaryň kalbynda belent buýsanjy, watansöýüjiligi kemala getirýär.

Bu günki gün bagtyýar ýaşlarymyz bilim we terbiýe alyp, döwrebap tehnologiýalara erk edip, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine eýe bolýarlar. Biz muny iň döwrebap ugurlarda, ýagny, sanly bilimiň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aýdyň göz ýetirýäris. Häzirki ylym-bilimiň ösýän döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalar dürli ugruň kämilligini, ösüşiň tizligini üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde sanly ulgama aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda: “Men özüme bildirilen örän uly ynama ýokary baha berýärin. Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin” diýip aýtmagy bolsa, bagtyýar ýaşlaryň watançylyk ruhuny has belende göterýär.

Döwletiň durnukly we howpsuz ösüşini üpjün etmekde ýaşlara aýratyn orun degişlidir. Çünki ýurdumyzyň ep-esli bölegini ýaşlaryň düzýändigi nukdaýnazaryndan, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli Maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýaşlar örän işjeň, jemgyýetiň öňünde durýan meseleleriň çözülmeginde gyzyklanýan uly güýç bolup durýar. Ýurduň ýaşlar syýasaty – bu ýaşlar bilen döwletiň arasyndaky gatnaşygy sazlamak boýunça döwletiň alyp barýan içerki syýasatydyr. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ykdysady-hukuk meseleleri babatynda ýaşlaryň isleglerini durmuşa geçirmek üçin zerur bolan şertleri döretmek, täze ykdysady gatnaşyklaryň şertlerinde olaryň zähmet baradaky hukuklaryny goramak, ýaşlaryň okuwdan zähmete sazlaşykly ýagdaýda geçmegini üpjün etmek, ýaş hünärmenleriň we ýokary hünärli ýaş işçileriň iş bilen üpjünçiligini kepillendirmek ýaly wezipeleriň çözgüdini öz içine alýar.

Häzirki wagtda bagtyýar ýaşlar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekip, döwletimiziň gülläp ösmegi ugrundaky tagallalara saldamly goşant goşýarlar, döwrebap bilim ojaklarynda bilim alýarlar, hünär öwrenýärler. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen gurlup ulanylmaga berlen hem-de üstünlikli işleri alyp barýan iri önümçilik kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar innowasion tehnologiýalary ussatlarça dolandyrmagy başarýarlar. Bagtyýar ýaşlaryň ýüzlerçesiniň welaýatymyzyň çäginde hususy pudagyň wekilleri tarapyndan döredilen döwrebap ýyladyşhana toplumlarynda, senagat ulgamyna degişli önümçiliklerde, söwda we hyzmat ulgamlarynda zähmet çekýändigini guwanç bilen bellemek bolar.

Türkmenistan döwletimizi ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan, türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, ýollary ak, işleri rowaç bolsun!

 

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY