DÖWLETLI DÖWRANYŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, pähim-parasatly baştutanlygynda asuda, parahat durmuşda Bagtyýarlygyň ösüş ýolunda batly gadamlar bilen öňe barýarys. Her bir günümiz joşgunly zähmete, ajaýyp üstünliklere beslenip, toýlary-toýlara, baýramlary-baýramlara ulaşýan ata Watanymyzda bolup geçýän bedew batly özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanda ösýän jemgyýeti gurmak ugrunda taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Arkadagly Serdarymyzyň peşgeş berýän ajaýyplyklarynyň hözirini görüp ýaşaýan Türkmenistanly ýaşlar bu gün döwletimiziň abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak üçin yhlasly bilim alýarlar, öndürijilikli zähmet çekýärler. Dünýä täzeliklerden habarly ýaşlarymyz okamaga, öwrenmäge, döretmäge has hyjuwly, işjeň we höwesli ýapyşýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň her bir işe döredijilikli çemeleşmeklerini sargyt edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara döredijilikli ukyplaryny, zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin mümkinçilik döretmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga aýratyn üns berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary milli ruhda döwrebap terbiýelemek, döredijilige bolan höwesini has-da artdyrmak, olarda watançylyk, ynsanperwerlik, agzybirlik duýgularyny kämilleşdirmek Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri, amala aşyrylýan beýik işleri joşgunly wasp etmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň tutýan orny örän uludyr. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladanyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Serdarymyzyň “Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine ata Watanmyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn!” diýen sözleri biz ýaşlary has-da joşdurdy. Ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek barada edýän aladalary üçin, biz ýaşlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagmyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak belent başlary aman bolsun.

 

Maral HUDAÝKULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň Sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR