Bütin dünýäde belent abraýa eýe bolan ruhy-medeni mirasymyz asyrlaryň dowamynda şöhratly taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylyp, türkmen halkynyň baý mazmunly geçmişe öz gymmatlyklar ata-babalarymyzyň ruhy ahwalyndan, belent ylmy aň-düşünjesinden, pelsepewi garaýyşlaryndan kemala gelen, bahasyna ýetip bolmajak ruhy we maddy baýlygymyzdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hemmetaraplaýyn täzelenişiň, beýik ösüşiň we özgerişiň zamanasydyr. Munuň özi täze nagyşlaryň döremegine we reňk öwüşginleriniň kämilleşmegine uly täsir etdi. Ene-mamalarymyz gelin-gyzlaryň edep-ekramly, asylly, akyl-paýhasly, ukyp-başarnykly, eli hünärli bolmagy barada uly alada edipdirler. Olar gyz perzentleri ese-boýa galyp ugrandan dürli tagamlar taýýarlamagy, keşde çekmegi, gaýma gaýamagy, haly-palas, keteni dokamagy, keçe güllemegi, jorap örmegi öwredipdirler. Häzirki wagtda türkmen zenanlarynyň nepis el işlerinde özüne mahsus aýratynlyk bar. Olar dürli nusgalary tapyp, reňkleri utgaşdyrmagy, nagyşlary biri-birine gelişdirip, täsin gözellik döretmegi ezberlik bilen başarýarlar. Nagyşlaryň nepisligi hem-de inçeligi, reňkleriň saýhally, rejeli utgaşdyrylyşy el işiniň çeperçilik gymmatyny kesgitleýär. Şol maksat bilen hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi, etrap çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda türkmen zenanynyň on barmagynyň hünäri, kalbynyň nury siňen keşdeçilik sungatyny häzirki döwürlerde hasda kämilleşdirip ýaşlara ýetirmek maksady bilen “Adam eli gyzyl gül” ady bilen el işleri boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşige gatnaşan eli çeper gyzlarymyz keşdäniň täsin nusgalaryny tapyp, reňkleri utgaşdyrmagy, nagyşlary matanyň ýüzüne sünnäläp geçirmegi ezberlik bilen öz başarnyklaryny ýerine ýetirip görkezdiler. Keşdäniň nepisligi we inçeligi, reňkleriň saýhally, rejeli utgaşdyrylyşy bu bäsleşige hödürlenen el işlerinde öz beýanyny tapdy. Türkmen gelin-gyzlary milli mirasymyza çuňňur hormat goýmak bilen, ene-mamalarymyzyň geýinmek medeniýetiniň asylly däplerini dowam edýärler. Türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri bolan nagyşlary synlanyňda, özüňi ýaýylyp ýatan gül-gülälekli sähranyň goýnunda deýin duýýarsyň. Olaryň haýsy birini alyp görseň hem, hut gözelligiň nusgasy bolup ýüregiňi söýgi-mähir gurşap alýar. Ynha şeýle täsirli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çeper elli gyzlarymyza bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan hormat hatlary, TMÝG-niň Gyzylarbat etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gülsona AŞYROWA,
TMÝG-niň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.