2023-nji ýylyň 25-njimartynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki mejlis geçirildi. Mejlise Arkadag şäheriniň dolandyryş we beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary çykyşlar edip, Arkadag şäherinde özleriniň gözegçilik edýän düzümlerine degişli gulluklara we bölümlere ýolbaşçylary bellemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary berdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýolbaşçylary belläp olaryň ählisine jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilen ýolbaşçy düzümiň aglabasynyň ýaşlardan ybaratdygyny nygtamak gerek. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlara bildirilýän ynamyň ýene bir subutnamasyna öwrüldi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde täze şäherde dürli maksatly desgalaryň 336synyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu işlerde ýaşlaryň tekliplerine, täzeçil garaýyşlaryna aýratyn üns berildi. Şeýlelikde, hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen täze şäher, sözüň doly manysynda, ýaşlaryň şäherine öwrüldi. Onuň binagärlik we bezeg aýratynlyklarynyň häzirki zamanyň ösen tejribesine, milli binagärlik ýörelgelerine doly laýyk gelýändigi bellenildi.
Geçirilen mejlisiň esasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi, “Türkmennebit” döwlet konserniniň şahamçasy bilen bilelikde “Nurana geljegiň eýeleri—bagtyýar ýaşlar” ady bilen Balkanabat şäherindäki “Türkmennebit” konserniň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda hoşallyk maslahaty geçirdi. Maslahatda çykyş edenler öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle hem maslahatyň dowamynda täze kabul edilen “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň kanunyna, beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda geçirilmeli işlere seredilmegi, guramaçylyk meseleleriň ara alynylyp maslahatlaşylanlygy barada belläp geçdiler. Bir söz bilen aýdylanda, täze şäheriň taslamasy Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan döredijilik pikirleriniň miwesidir diýip bellediler.
Mährijemal NYÝAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň "Türkmennebit" DK-nyň
şahamçasynyň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.