KUBOGYŇ EÝESI BELLI BOLDY

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagynda, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde, ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» milli sport ulgamyny ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Muňa Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky sport mekdepleri, federasiýalary tarapyndan yzygiderli geçirilýän ýaryşlar, bäsleşikler, birinjilik ugrundaky ýaryşlar hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Golaýda üstümizdäki ýylyň 25 ― 29-njy apreli aralygynda sportuň suwda pökgi oýnamak görnüşi boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşyň jemleri jemlendi. Aýlaw görnüşinde geçirilen ýaryşa paýtagtymyz Aşgabatdan we welaýatlarymyzdan toparlaryň 6-sy gatnaşdy. Ýaryşda Rahman Kulowyň tälimçilik etmeginde Türkmenistanyň  Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky Aşgabat şäher bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň topary 1-nji orny eýeläp, ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy. 2-nji orny Mary welaýatyndan gatnaşan ýygyndy topar, 3-nji orny Lebap welaýatyndan gatnaşan ýygyndy topar eýeledi.

Şeýle ýaryşlaryň we bäsleşikleriň ýaşlarda sporta we ýeňişleri gazanmaga höwesi, watansöýüjilik duýgularyny ösdürmekde peýdalydygy aýdyň hakykatdyr. Suwda pökgi oýnamak boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş hem bu hakykata aýdyň şaýatlyk edýän möhüm sport wakasyna öwrüldi.

 

Bezirgen ANNAÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

institutynyň gyşky we suw görnüşleri

kafedrasynyň mugallymy.