Sen gorkakmy? Belki, bu soragym saňa juda gömelteý eşidilen bolmagy mümkin. Has giňişleýin aýtsam – eger-de durmuşyňda nämedir bir zady şu wagtkysyndan has gowulyga tarap üýtgetmekçi bolanyňda, üýtgetmegi ýüregiňe düweniňde, nähilidir bir gorky-ürkini, çekinjeňligi duýýarmyň diýdigim. Bir zady ýa-da ýagdaýy üýtgetmek islänimizde ýa-da öň öwrenişmedik zadymyzyň başyna barmagy pikir edenimizde nähilidir bir gorky-ünjiniň bizi gaplap almagy tebigy ýagdaý. Töwekgellik artdygyça birahatlyk hem güýçlenýär, gorky hem ulalýar. Psiholog lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, gorky – ýüze çykyp biläýjek howp-hatarlardan (şolary gozgaýan zatlardan, sebäplerinden) goraýan zat, emma käbir halatlarda ol ösüşiň öňündäki esasy päsgelçilik we böwetdir. Artykmaç gorky işe yhlasly ýapyşmaga, zähmet çekmäge, öňe ilerlemäge päsgel berýär. Şeýle ýagdaýdan halas bolmak we ol gorkyny bejermek mümkindir. Öňden bar bolan zady üýtgetmek isleýän adama her-hili ýakymsyz (otrisatel) we göwnüçökgün duýgularyň esger kimin hüjüm edýändigi subut edilen zat. Şeýle oňaýsyz pikirler ony maksat--myradyny hasyl etmekden alyp galmaga synanyşýar. Şolaryň has möhümleriniň biri hem gorky duýgularydyr. Gorky adamy ýesir edýär. Ýaramaz nebsine bat berip, duýgularyna hökümini ýöredýär. Eger-de gorkusy rüstem gelse, ol adam hasrata çümýär, ünji, çekinjeňlik, birahatlyk duýgularyna şam bolýar. Gowy zatlar hakda pikir ýöredip bilenok. Älem-jahany tümlüge gark bolan mysaly kabul edýär. Dünýäni barmaklarynyň arasyndan synlap başlaýar. Çünki biz näbellilikden şeýle bir gorkýarys. Täze gapylary kakmakdan çekinýäris. Öňki bilýän we öň öwrenişen zatlarymyza ýa-da öň köpleriň synap gören zadyna ýapyşanymyzy eý görýäris. Emma garadangaýtmaz, ýürekli, maksadaokgunly adamlar ömrüň bir gezek berilýändigini we ol ýerde ikinji ömre pursat ýokdugyny, bu ömri gorky-ürkä gaplanyp ýaşamaly däl-de, şol näbelli zatlara hem dokunyp görmegi, täze tejribelerden lezzet alyp ýaşamagy, töwekgelçiliklerden we her täzeçillige ýürekli topulmakdan lezzet alyp ýaşamagy eý görýär. Munuň üstesine amerikan ýazyjysy Mark Twen biziň her birimize juda ähmiýetli bir maglumaty habar berýär. Ol uzak we asuda ömür sürüpdir. Ýüreginde bolsa ençeme dowul, howatyr bar eken. Ýazyjynyň aýtmagyna görä, onuň kalbyna dolaşan 42 gorkularyň hiç biri hem hasyl bolmandyr. Ol bize biziň has erbet gorkýan zatlarymyzyň hiç wagt başymyza gelmeýändigini, biziň şol gorkulary görmezden dünýäden ötüp gidýändigimizi nygtaýar. Biziň içimizdäki nebis hemişe bizi nähilidir bir howsala, gorky bilen gurşaýar. Biziň köpimiz hereket edýäris we kellämizde hem iň ýaramaz zatlaryň ssenarisi dur. Şol ýaramaz ssenariler hem biziň gündelik durmuşdaky kararlarymyza täsir edýär we geljegimiz üçin kabul edilmeli möhüm çözgütleriň öňüni, badyny alýar. Ähmiýetli durmuş kadalarynyň ýene birini ýaňzydaýyn, üns ber – üstünlik hiç wagt sowgat berilmeýär. Üstünlik gazanylýar. Ony göreşip, çekip almaly. Sen iki sany ýagdaýyň birini saýlamaga borçly: ýa-ha adaty ynsan (belki adatylykdan az-kem tapawutlysyň) bolup, aman-asuda ýaşa, ýa-da beýik adam bolup, töwekgelçilik edip, kynçylyklary ýeňip geç-de, has ajaýyp durmuşda ýaşa! Isle barmak uçlarynda ýöräp, daraklygyňa basyp, «ýer birden jygyldaýmasyn, dünýäniň nazary maňa gönügäýmesin» diýip, gorky-howsala bilen ýaşa ýa-da sesiňi beýgeldip, bardygyňy subut edip, özüňi ykrar etdirip, durmuşda batyrgaý we şadyýan ýaşa! «Baý kaka, garyp kaka» atly ajaýyp eserinde Robert Kiosaki şeýle ýazýar: «Garyplaryň toparyndan baýlaryň hataryna goşulmak üçin beýnimizi garyplaryň pikir-düşünjesinden, olaryň pikirleniş ukybyndan we durmuşa bolan garaýşyndan halas edip, baýlaryň pikir ýöredişini we özlerini alyp barşyny öwrenmeli, şol esasda ýöremeli. Iň möhüm zatlaryň biri töwekgelçilik etmekden saklaýan ýerliksiz gorkudan saplanmakdyr. Şol gorky adamlary şowsuzlyk toruna, ugursyzlyk çeňňegine daňyp, baglap, asyp goýýar. Şeýle adamlar arkaýyn asuda we aňsat zada ýapyşýarlar hem-de hemişe örän az zat bilen kanagat edip ýaşaýarlar... Adamlaryň aglabasy öz maksatlaryny ujypsyz (minimal) derejede hasyl etjek, üpjün etjek ýoly saýlap tutýar. Durmuş ýollarynda sähelçe howp-hatara düşjegini syzsa, töwekgelçilikli öňe okdurylmaga beýlede dursun, gaýta maksatlaryna şübhelenip başlaýar. Howp-hatar görseň, gözsüzbatyrlyk bilen okduryl diýemok, ýa-da hemişe alada-birahatlyk içinde ýaşa diýjek bolamok. Ýöne bir zat hemişe ýadyňda bolsun – eger-de sen beýik maksatlara, belent arzuwlara beslenen döredijilikli, oýlaptapyjylykly adam bolmagy ýüregiňe düwen bolsaň, unutma, howp-hatar, gorky-ürki, birahatlyk ýaly zatlar hem saňa hüjüm eder durar. Bu gorkular seniň maksadyňa çynlakaý ýapyşyp-ýapyşmandygyňy bilmek üçin bir synagdyr. Hemişe taýýarlykly we hemme zada taýyn bol! Mahlasy, her bir üýtgeşikligiň, özgerişiň saňa birnäçe ýadawlyklary tirkäp geljekdigini bil, ýöne olardan gorkma. Olara garşy biliňi berk guşa. Ruhy taýdan taplanan, taýýarlykly bolsaň, olary ýeňip, geçip gitmek müşgil zat däl. Özüňi işeňňirleriň hatarynda, işewürleriň toparynda görmek isleseň, her bir işe jogapkärçilikli çemeleş. Gorkynyň özüňi eýelemegine pursat berme, ýogsam, beýik adam bolmaga ukybyň we mümkinçiligiň barka, ýönekeý adamlaryň biri bolup galarsyň. Ýazyjylaryň biriniň gorky we ikirjiňlenme hakda aýdan bir sözi bar: «Şübhelerimiz hemişe bize hyýanat edýärler. Olar synanyşmak arkaly gazanyp biljek mümkinçiliklerimizi, haýyrlarymyzy elden gidermegimize getirýär».
Rahmet Gylyjow