ÝAŞLAR DÜNÝÄ HYZMATDAŞLYGYNDA

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize iberen Gutlagynda döwlet Baştutanymyzy hemde ähli watandaşlarymyzy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilýän ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. ÝUNESKO her bir döwletiň, milletiň taryhyny, medeni gymmatlyklaryny, tebigatyny goramak, olary ösüp gelýän ýaş nesillere aýawly ýetirmek, her bir halkyň milli gymmatlyklaryny umumadamzat mirasyna öwürmek babatda netijeli iş alyp barýan ýeke-täk halkara guramadyr. Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň şanly 30 ýyllyk senesiniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna gabat gelmegi örän guwandyryjydyr. Çünki ÝUNESKO geosyýasy şertleriň ýitileşen döwründe ilkinji bolup ýaşlar syýasatyny öňe süren gurama bolup durýar. Bu abraýly gurama ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri dünýädäki müňlerçe ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky başlangyçlary goldap, Bütindünýä ýaşlar toruny döretmek we kämilleşdirmek, olaryň mümkinçiliklerini güýçlendirmek, bilim önümçiligini ösdürmek, döwlet işlerine çekmek boýunça hem yzygiderli işleri alyp barýar. BMG-niň 1999-njy ýylyň 17-nji dekabryndaky Kararnamasyna laýyklykda, her ýylyň 12-nji awgustynyň «Halkara ýaşlar güni» diýlip yglan edilmegi bilen, ýaşlar meselesine halkara jemgyýetçiligiň dykgatyny ýene bir ýola çekmek we olaryň dünýäde raýdaşlygyň, medeni diplomatiýanyň üsti bilen parahatçylygy ýola goýmakda esasy güýçdigini nygtamak göz öňünde tutuldy. Bu senäni döretmek baradaky ilkinji teklipler 1991-nji ýylda Awstriýanyň Wena şäherinde, BMG ulgamynyň Bütindünýä ýaşlar forumynyň ilkinji sessiýasyna ýygnanan ýaşlar tarapyndan öňe sürüldi. BMG-niň 54-nji mejlisinde «Ýaşlara degişli syýasatlar we maksatnamalar» atly Kararnama kabul edildi. Bu tagallalar bütin dünýädäki ýaşlaryň bir guramanyň çäginde jebisleşmegine, olaryň ukyp-başarnygyny mundan beýläk-de açyp görkezmäge, özara pikir alyşmak üçin giň meýdança döretmäge mümkinçilik berdi.

 

Aýna HOJAMOWA,

«Demirýollary» AGPJ-niň Magtymguly adyndaky

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň sanly ulgam boýunça

hünärmeni.

Meňzeş habarlar