Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli paýhasyndan badalga alan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen, ýurdumyzda ykdysady ösüşiň öňe gitmeginde uly ynam bilen daýanylýan bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanyp, ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmeklige, olaryň sazlaşykly ösmegine, ýaşlarymyza ýokary hilli bilim berilmegine, ýurdumyzda on iki ýyllyk umumy orta bilim maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» bagtyýar ýaşlaryň bilim almagy, öz saýlan hünäri boýunça kämilleşmegi üçin oňaýly mümkinçilikleri döretmegi, olaryň Watana bolan söýgüsini ösdürmegi, ynsanperwerligi, zähmete bolan söýgüni terbiýelemegi ugur edinip, ýurdumyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin ähli şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ösdürmek, olaryň döredijilik işjeňligini kemala getirmek babatda bilim ulgamynyň döredýän giň mümkinçilikleriniň esasyny düzýär. Bu maksatnama biziň öňümizde belent maksatlary goýýar we bu babatda has-da netijeli işleri alyp barmaga borçlandyrýar.
Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamy günsaýyn kämilleşýär. Hut şonuň netijesinde, ýaşlara bilim we hünär öwredilişiniň derejesi hem ýokarlanýar. Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, gadymy Daşoguz topragynda hem bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň hut özüniň durýandygy çäksiz guwandyrýar.
Ylyma, bilime sarpa goýýan halkymyzyň göreldesine eýerýän watansöýüji ýaşlarymyzyň bu günki gün okuwda oňat okamaga, tälim-terbiýe almaga, jemgyýetçilik işlerine, şeýle-de bäsleşiklere işeňňir gatnaşmaga çalyşýandyklaryna buýsanjymyz has-da artýar.
Şeýle döwletli döwrany peşgeş beren, yrylmaz Berkarar döwleti guran, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde ylym-bilim almagy, hünär eýesi bolmagy üçin uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli belent başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ýazjemal BAZAROWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.