KITAP OKAMAK — DÜNÝÄ DÜŞÜNMEK

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde  talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda ýurdumyz boýunça yglan edilen «Kitap okamak — dünýä düşünmek atly kitap okamagyň biraýlygy mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler kitabyň wagtyňy biparh sarp etmegiňe ýol bermeýän gymmatlykdygyny, kitaby dost tutunan adamyň özüni alyp barşyny kämilleşdirýändigini, sözleýişini ösdürýändigini, kitabyň sahypalaryndaky gymmatly, täsirli sözleriň kalbyňa aralaşyp, ýagşy niýet, gylyk-häsiýetleriň tohumyny sepeleýändigini, häzirki wagtda Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleriniň bu günki günde her bir ýaş türkmenistanlynyň ýan kitabyna öwrülendigi dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Çykyş edenler sözleriniň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, parahatçylygyň, agzybirligiň, jebisligiň Ýer ýüzünde dabaralanmagy üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

 

Umyt BAÝHANOW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.

 

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR