Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeni mirasymyzy aýawly saklamaga we öwrenmäge, halkymyzyň dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine goşandyny wagyz etmäge aýratyn üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini hemişe nygtaýar. Bu işleri has netijeli alyp barmak türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda taýýarlamak üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Halkymyzyň maddy däl medeni mirasynyň gymmatlyklaryny halkara derejede ykrar etdirmek üçin alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyk ösdürilmelidir» diýen tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň ylalaşmagy esasynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO kluby döredildi.
Ýurdumyz tarapyndan ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny we türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça alnyp barlan işler hem türkmen halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasyna Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde seredildi. Bu mejlisiň çäginde Türkmenistanyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasy biragyzdan goldanylyp, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi yglan edildi. Türkmenistanyň köpsanly taryhy we medeni baýlygyny we sungatyny ÝUNESKO-nyň ygtybarly sanawlaryna girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiklerini geçirmek, iň owadan bedewleri ýetişdiren atşynaslary sylaglamak ajaýyp däbe öwrüldi. Milli ýörelgelerimiziň dowamatynyň dowam bolmagy, atçylyk däplerimiziň goralmagy we ösdürilmegi ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Selbi AMANOWA,
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň weterinar barlaghanasynyň serologiýa bölümçesiniň laboranty, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.