2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klubynyň gurnamagynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň wekilleriniň, ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda hereket edýän , ýagny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Parahatçylygyň dilleri”, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylygyň medeniýeti”, Türkmen oba hojalyk institutynyň “Daşky gurşawy goramak – ösüşiň möhüm konsepsiýasy”, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO klublarynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Medeni miras: geçmişden - geljege”, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedralarynyň gatnaşmagynda “Gözelligiň we sazlaşygyň nusgasy bolan ahalteke bedewleri – dünýä atşynaslygynyň täsinligi” atly sanly ulgam arkaly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy maksady ýurdumyzda atçylyk ylmynyň ösen derejelerini görkezmek, ahalteke bedewlerimiziň gelip çykyşyny has içgin öwrenmek we wagyz etmekden durýar. Türkmenistanda ahalteke atçylyk ulgamyny ylmy esasda öwrenmeklige, bu ulgama ylmyň we tehnologiýanyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmaklyga giň mümkinçilikleri döredilýär. Maslahata gatnaşyjylar behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda, Türkmenistan-ÝUNESKO hyzmatdaşlygynda, türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmaklary ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
unesco.gov.tm