Kerwen kibi hatar gurap gelýän ýyllar ýatdan çykmajak wakalary bilen kalbymyzda öçmejek orun eýeleýär. Her bir günümiz toý-baýramlara, şanly senelere, ajaýyp zähmet ýeňişlerine beslenýär. Her bir ösüşiň, giň gerimli özgerişleriň özeninde bilimiň aýratyn ornunyň hem ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine we ösdürilmegine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, öz ugruna ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Eziz Diýarymyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça döwletli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamy diýlende, ilkinji nobatda, ýaşlar göz öňüne gelýär. Sebäbi umumy bilim berýän mekdeplerden başlap, ähli bilim edaralarynda ýaşlara – ýurdumyzy geljekde has-da ösdürjek, amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etjek ynsanlara bilim-terbiýe berilýär, hünär öwredilýär. Megerem, hut şonuň üçin döreýiş taryhy gadymyýetden gözbaşly bolan, soňra asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirilip, biziň ajaýyp döwrümize ýetirilen türkmeniň döwletlilik ýörelgelerinde ylym-bilim aýratyn orun eýeleýär. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda iň gymmatly mirasyň terbiýedigini, terbiýäniň özeniniň bolsa ylym-bilimdigini nygtaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Häzirki döwürde biz Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýadyny ylym-bilimiň ösüşlerinde görýäris» diýip belleýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Bilimli ýaşlaryň hasabyna Watanymyzyň intellektual kuwwaty – aň-bilim derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Munuň özi ýaşlara uly ynam bildirilýän ýurdumyzda olaryň okamagy, öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijeleridir.
Bilim ulgamynyň dünýäniň häzirki zaman talaplara laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşmagynda, mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginde, ösmeginde bilim işgärleriniň, şol sanda, ilkinji nobatda, mugallymlaryň alyp barýan işleri örän möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Watanymyzy ösdürmekde aýgytly orny eýelejek, ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrüljek ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary bilim almagyny üpjün etmek wezipesiniň üstünlikli çözülmegi, ilkinji nobatda, mugallymlaryň tutanýerli zähmetine baglydyr. Şeýle mugallymlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzda dürli bäsleşikler yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýylyň mugallymy» atly döwlet bäsleşigi hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu bäsleşige gatnaşyp, baş baýragyň eýesi bolmak maňa şu nurana günleriň gujagynda hiç haçan gaýtalanmajak, ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Käbir filosoflaryň belleýşi ýaly, adam ömrüniň, ýaşaýşynyň manysy-da şol pursatlarda jemlenýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Belent maksatlara ýetmek üçin ýaşlar zähmeti özlerine hemişelik hemra edinmelidirler” diýip belleýär. Eziz Diýarymyzda her bir ynsanyň çekýän zähmetine uly hormat goýulýar. Aslynda, adam jemgyýete peýda getirmek, eşretli durmuşda ýaşamak üçin zähmet çekýär. Zähmet ynsan üçin edil howa, iýmit ýaly hökmany zerurlyk. Zähmet bilen taplanan adam paýhasly, asylly, salyhatly bolýar. Zähmet adamy ähli zada oýlanşykly çemeleşmäge, milli ýörelgelere hormat goýmaklyga, şükranalyga, watansöýüjilige çagyrýar. Zähmetiň hem dürli görnüşi bar, dürli hünärler, kärler bar. Olaryň sany müňlerçe, ýöne iň hormatlylarynyň we gadymylarynyň biri mugallymçylykdyr. Ynha, şol hormatly käriň eýesi bolup, «mugallym» adyny buýsanç bilen göterýändigim üçin özümi bagtly hasaplaýaryn.
Ýokary okuw mekdebinde mugallym bolmagyň özi örän jogapkärçilikli. Oňa düşünip, geljekki pedagog hünärmenleriň taýýarlanylýan bilim ojagynda talyplara bilim öwretmek, olaryň saýlap alan hünärlerine kämilleşmeklerine goşant goşmak, Watana wepaly ýaşlary ýetişdirmek ugrunda tagallalarymyzy gaýgyrmaýarys. Döwür bilen deň gadam urmak, dünýä tejribesiniň oňyn gazananlaryny milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak bilim ulgamynyň işgärleriniň esasy ýörelgesine öwrüldi. Olar esasynda yhlasly işlemek, kärimize barha kämilleşmek her bir mugallymyň baş maksadydyr, mukaddes borjudyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamy ýylyň-ýylyna uly üstünliklere beslenýär. Çünki hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gazanylýan ösüşler, amala aşyrylýan özgertmeler biziň ýolumyza nur saçýar, ýagty geljegi, ajaýyp durmuşy berkarar edýär. Şeýle beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdarys. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Mähri PERDELIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň müdiri,
taryh ylymlarynyň kandidaty.