Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bu günki gün Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle durnukly ösüşiň we halkymyzyň döredijilik hyjuwynyň esasy binýady hökmünde garalýar. Olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, giň düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegi ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.
Bilim dünýäsine aralaşmak, onuň belentliklerine çykmak ýoly hut mekdepden başlap, ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdirilýär we şol ýerlerde geljekki alymlaryň – ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine höwesi kemala gelýär. Alym Arkadagymyzyň “Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” atly kitabyndaky: “Dana pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda sünnälän aň-düşünje, ruhy-ahlak, dünýägaraýyş, pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän milli bilim ulgamymyz dünýäniň ylym-bilim ulgamy bilen sazlaşykly ösdürilmelidir” diýen çuň manyly jümlede türkmen halkynyň ähli döwürde-de ylyma, bilime aýratyn sarpa goýup gelendigini görmek bolýar.
Ýaş nesli watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Adamlaryň özara paýhasly aragatnaşykda bolmagy we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklary, ýaşlarda asylly sypatlary döretmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň özboluşly kadalary we ýörelgeleri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň: “..halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny we maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen çäreleri mundan beýläk-de yzygiderli geçireris.” diýen sözlerinden ugur alnyp, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” üstünlikli amala aşyrylýar. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir. Maksatnamanyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine mundan beýläk-de itergi bermekde möhüm ähmiýeti bardyr. Öňde goýlan maksatlaryň we wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagy demokratik ýörelgeli, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goraýan hem-de olary durmuşa geçirýän nusgalyk jemgyýeti kemala getirmäge mümkinçilik berýär.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky öňdengörüjilikli döwlet syýasatyndan ugur alýan özgertmeler ýurdumyzyň ýaş nesline bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamaga, gurmaga we döretmäge, geljege ynamly garamaga giň ýol açýar.
Döwran MYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy.